Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuahmedow 15-nji oktýabrda Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze önümhananyň düýbüniň tutulyş dabarasynda bu ýerdäki önümçiligiň häzirki zaman ekologiýa talaplaryny doly ödejekdigini aýtdy.
― Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän täze önümçilik desgalary ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir ― diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şol taslamalar amala aşyrylanda ekologik talaplaryň berjaý edilmegine, ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet
berilýändigini nygtady. Şonuň netijesinde, hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde amala aşyrýan iri senagat taslamalarymyz ýokary hil derejesine, innowasion çözgütlere we ekologik talaplara doly laýyk gelýändigi barada abraýly halkara guramalaryň oňyn bahalaryna mynasyp bolýar.
Türkmenistanyň Prezidenti: «Türkmenabatdaky toplum ekologiki talaplara doly laýyk geler»
16
Oct
