Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüniň tutulyş dabarasynda belleýşi ýaly, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň taslamasyny Koreýa Respublikasynyň «Daewoo» kompaniýasy ýerine ýetirer.
Düýbi tutulýan bu toplumyň gurluşygynda ekologik talaplary berjaý etmäge mümkinçilik döretjek innowasion tehnologiýaly enjamlar we serişdeler ulanylar.
Täze toplum ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini we içerki sarp edijileri ýokary hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Garaşsyz döwletimizde azyk howpsuzlygyny berkitmäge hem-de daşary ýurtlardan getirilýän fosforly dökünleri özümizde öndürmäge şert döreder.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenabatdaky täze toplumda iň ösen tehnologik gurluşlaryň ulanyljakdygyny aýtdy
16
Oct
