MEDENIÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäherinde täze gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu bina Türkmenabadyň täze binagärlik gymmatlygyna öwrüldi, diýip, «Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi» ýazýar.
Milli Liderimiz bäş welaýatyň we paýtagtymyzyň hormatly ýaşululary we kümüş saçly eneleri bilen bilelikde, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi we täze ajaýyp binany açdy.
Türkmenabat şäheriniň görküne görk goşýan 3 müň orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binasy, nesip bolsa, şanly seneleriňdir toý-dabaralaryň merkezine öwrüler. Bu bina dört gatdan ybarat bolup, beýikligi 40 metre ýetýär. Onuň gatlarynda edara otaglary, giň eýwanlar, konsert zallary we beýleki otaglar bar.
Bu ýerde döwletli maslahatlarydyr şowhunly çykyşlary, şol sanda meşhur at üstündäki oýunlary guramak üçin hem şertler döredildi. Şeýle hem üç müň orunlyk sadaka jaýy guruldy.
«Türkmeniň ak öýi» ähli görkezijiler babatda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Bu bina döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak arkaly guruldy. Binanyň içki bezegi özboluşlylygy hem-de milli öwüşginleri bilen tapawutlanýar. Desganyň bezeginde haly gölleri, türkmen ak öýlerine mahsus bolan bezeg usullary ulanyldy.
Binada dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň akustiki ulgamlary we beýleki zerur enjamlary bilen üpjün edilen uly tomaşalar jaýy ýerleşýär. Şeýle hem bu ýerde giň eýwan, iş, edara we beýleki otaglar bar.
«Türkmeniň ak öýi» uly toplumdan ybaratdyr. Ol özüne sadaka jaýyny, dürli çäreleri geçirmek üçin niýetlenen açyk meýdançany, awtoduralgany, tehniki bölümi we beýleki desgalary birleşdirýär.
Binanyň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi. Bu ýerde pürli hem-de bezeg agaç nahallarynyň köp sanlysy oturdyldy, bina barýan ýol çekildi.
Täze desga bilen tanşanyndan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tomaşalar jaýyna bardy. Şol ýerde bu ajaýyp waka mynasybetli Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: