Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň «TRT World» teleýaýlymynyň baş redaktory Ýusuf Erimiň sowallaryna jogap berdi, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda däp bolan dostlukly türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryna, dürli görnüşdäki sebit we halkara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine garaldy, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi. Mälim bolşy ýaly, bu syýasatda milletiň gadymdan gelýän gymmatlyklaryna hem-de olaryň häzirki döwür bilen arabaglanyşygyna aýratyn üns berilýär.