Türkmenistanyň Prezidenti Tokaýewiň Türkmenistana ama aşyran saparynyň netijelerine ýokary baha berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan
Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini nygtap, ýakynda Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi. Hormatly Prezident Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň we gazanylan ylalaşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine saldamly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.