BIZE YAZYARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetmeginiň zamanasy bolup taryha girer.
Watanymyzyň öňünde durýan uly wezipeler we olary amala aşyrmagyň ýollary kabul edilen maksatnamalarda, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, şeýle hem “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” anyk kesgitlenendir. Şunda döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän toplumlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylan özgertmeler strategiýasynyň durmuş ugurlydygyny bellemelidiris. Watanymyzyň ägirt uly kuwwatynyň netijeli peýdalanylmagynda ykdysady we durmuş şertleriniň ýakyn arabaglanyşygyna aýratyn üns berilýär.
Türkmenistany ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kuwwatly önümçilik düzümli senagat ýurduna öwürmek esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunda sanly ösüş, öňdebaryjy ylmy gazanylanlary we innowasion tehnologiýalary iş ýüzünde ornaşdyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda bellenendir. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýoly hereket edýän pudaklary döwrebaplaşdyrmaga hem-de täze pudaklary döretmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini artdyrmaga, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny netijeli ulanmaga amatly mümkinçilikleri döretdi.
Senagatyň dürli ugurlarynda, gazhimiýa pudagynda, ulag-kommunikasiýa toplumynda we beýleki pudaklarda ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar. Şunda döwlet goldawynyň giň ulgamy bilen üpjün edilýän hususy telekeçilige hem möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda kiçi we orta işewürligiň wekilleri halk hojalygynyň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barýarlar. Munuň şeýledigine bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasynyň üstünliklere beslenmegi, onuň düzüminde hususy pudagyň tutýan ornunyň pugtalanmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Bu türkmen işewürleriniň öňünde, hususan-da, gurluşyk pudagynda, oba hojalyk toplumynda, sarp edijileriň arasynda uly islege eýe bolan önümleriň dürli görnüşlerini öndürmekde we beýleki ugurlarda giň mümkinçilikleri açýar.
Meýilnamalaýyn ykdysady ösüşiň kepili bolup durýan jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini kabul edilen durmuş maksatnamalaryny netijeli ýerine ýetirmäge, degişli ugurlara gönükdirilýän maýa goýumlary yzygiderli artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, halkymyzyň durmuş ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyny şertlendirýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde raýatlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary ülňülerini kemala getirmek, şäher we oba ýerlerinde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän toplumlaýyn düzümleri döretmek döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini maksat edinýär. Bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň ugurlary hormatly Prezidentimiziň yzygiderli geçirýän iş maslahatlarynda, Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyrýan iş saparlarynyň barşynda aýratyn üns merkezinde durýar.
Türkmenistan ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini şöhlelendirýän ägirt uly gurluşyk meýdançasyny ýada salýar. Paýtagtymyzda we sebitlerde ähli zerur şertler üpjün edilen ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň we şäherçeleriň gurluşyklary amala aşyryldy, ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň, medeniýet öýleriniň, saglygy goraýyş we senagat desgalarynyň onlarçasy ulanmaga berildi. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan, geçen ýylyň iýunynda açylyp ulanmaga berlen Arkadag şäherini şeýle taslamalaryň hatarynda görkezmek bolar. Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

BERDINIÝAZOWA Güljahan,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 101-nji okuw toparynyň talyby.