SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkant sammitine gatnaşar

 Türkmenistanyň Prezidentimi Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 15-16-njy sentýabrynda Samarkantda geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

Bu barada 26-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji W.Norow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça Ýörite wekili A.Kamilow bilen geçirilen duşuşygynda aýdyldy. Onda Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmekde özara gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirjekdigi nygtaldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: