Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan Sankt-Peterburg şäherindäki Döwlet Ermitaž muzeýinde döwlet Baştutanyny Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşy aldy. Sammitiň öňüsyrasynda döwlet Baştutanlary muzeý bilen tanyşyp, antik döwrüň altyn şaý-seplerine hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyna bagyşlanan gymmatly gymmatlyklar bilen tanyşdylar.
Muzeý bilen tanyşykdan soňra geçirilen resmi däl duşuşykda Arkalaşygyň çäklerinde şu ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine garaldy, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we geljek üçin wezipeler kesgitlenildi, sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Wladimir Putin 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentini gutlap, üstünlikler arzuw etdi. Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, döwlet Baştutany Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» Halkara howa menzilinden Watanymyza ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýada saparda boldy
23
Dec
