SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi

9-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň ýolbaşçysy gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň dowamynda özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan hem-de strategik häsiýete eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, möhüm ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda ýola goýlan ysnyşykly gatnaşyklar soňky wagtda ösüşiň oňat depgini bilen tapawutlanýar.

Nebithimiýa senagaty, gämi gurluşygy we gämi abatlaýyş ýaly işler möhüm ugurlaryň hatarynda agzaldy. Türkmenistanyň hem-de Astrahanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistanda Russiýanyň belli kompaniýalarynyň işleýändigi nygtaldy. Olar bilen bilelikde wajyp taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi, dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikler bar.

Russiýa Federasiýasynyň bu sebitinde türkmenleriň uly kowçum bolup ýaşaýandygyny nazara alanyňda, wajyp ähmiýete eýe bolan ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabada saparynyň çäklerinde Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: