TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti Rim Papasyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Rim Papasy Lew XIV-e tagta geçmegi mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany hatynda mähirli gutlaglaryny beýan etdi hem-de Papa Lew XIV-iň adamzadyň ruhy gymmatlyklaryny, jebisligini we parahatçylygyny pugtalandyrmakda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow şeýle hem Rim Papasyna berk jan saglyk, jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýew Watikanyň Keramatly Petr meýdançasynda geçirilen täze Rim Papasy Lew XIV-iň tagta geçmek dabarasyna hem gatnaşdy.