TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow düýn Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pekiniň Milli stadionyna geldi we hormatly myhmanlar üçin bellenen ýere bardy. Oýunlaryň açylyş dabarasyna çagyrylan beýleki döwletleriň, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň başlygy bu ýere gelipdirler. Stadiona ýygnananlaryň ählisini HHR-iň Başlygy Si Szinpin mähirli garşylady.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly myhman hökmünde 2008-nji ýylda Hytaýyň paýtagtynda geçirilen XXIX tomusky Olimpiýa oýunlarynyň hem-de 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçirilen XXII gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşandygyny hem ýatlamak ýerlikli bolar.