TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» sammitine gatnaşdy

20-nji dekabrda Tokioda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi. Sammitiň işine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we sebit ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynda ykdysady hyzmatdaşlygy, «ýaşyl» geçişi, wodorod energetikasyny, ulag arabaglanyşygyny hem-de bilim hyzmatdaşlygyny ileri tutulýan ugurlar hökmünde belledi.