TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa + Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa + Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşdy.
Sammitiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti çykyş edip, «Merkezi Aziýa +Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylyk üçin Prezident Donald Trampa minnetdarlyk bildirip, bu formatyň döredilen pursatyndan bäri gazanylan oňyn netijeleri belledi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika we daşky gurşaw ýaly möhüm strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny belläp,  şu
sammitiň netijeleriniň  Merkezi Aziýa bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de Prezident Donald Trampa mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem şu formatyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmäge ýardam berjekdigini aýtdy.
Sammitiň dowamynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bilelikdäki işiň geljekki ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem sammitiň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan  Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetleriniň arasynda Meýiller hakynda Beýannama, Medeni miras babatda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan  Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetleriniň arasynda Meýiller hakynda Beýannama kabul edildi.