YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda ägirt uly «Galkynyş» gaz känindäki nobatdaky guýularyň gurluşygyna badalga berdi

Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda iri «Galkynyş» gaz känine baryp gördi we bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň çäklerinde täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi. Bu barada «Türkmenistan.Altyn asyr» saýty habar berýär.

«Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Onuň açylmagy Türkmenistanyň dünýäniň energetika döwleti hökmündäki derejesini berkitdi we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.

«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde düzümleýin desgalaryň ençemesi guruldy. 2013-nji ýylyň sentýabrynda bu desgalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de HHR-iň Başlygy Si Szinpin gatnaşdy. Bu waka uzak möhletleýin, strategik häsiýetli döwletara hyzmatdaşlygyň ýene bir subutnamasy boldy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýangyç-energetika toplumyna uly möçberde maýa goýumlary goýulýar. Bu serişdeler bolsa köp girdeji getirýän pudagy mundan beýläk-de ösdürmäge, nebitgaz kärhanalaryny döwrebap tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmaga niýetlenendir. Geologiýa gözleg we buraw işlerini geçirmäge, täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegi güýçli depginler bilen alyp barmaga gönükdirilendir.

Häzirki döwürde 50 trillion kub metr möçberde kesgitlenen tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan Garaşsyz döwletimiz Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryny bu gymmatly harytlyk çig mal bilen üpjün etmek baradaky garaýşyny yzygiderli öňe sürüp gelýär. Bu baýlyklary öz halkymyzyň we dünýäniň halklarynyň bähbidine netijeli ulanmak üçin köp işler amala aşyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurulmagy bolsa anyk netijäni gazanmaga gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu ulgam boýunça indi 11 ýyldan gowrak wagt bäri Hytaý Halk Respublikasyna türkmen tebigy gazy eksport edilýär. Şu döwrüň dowamynda bu gaz geçiriji arkaly Hytaýa 300 milliard kub metrden hem gowrak tebigy gaz iberildi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň energetika strategiýasyny amala aşyrmagyň, eksport gaz geçirijileriniň çig mal binýadyny berkitmegiň ýolunda örän möhüm ädim boldy. Bu iri gaz käniniň gorlary «Ýaşlar» we «Garaköl» ýataklary bilen bilelikde alnanda, 27 trillion kub metre golaý möçberde kesgitlendi.

«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde gaz guýularyny hem-de önümçilik düzümleriniň beýleki desgalaryny gurmak boýunça uly işler ýerine ýetirildi.

Bu ýerde umumy kuwwaty ýylda harytlyk gazyň 30 milliard kub metrine barabar bolan gaýtadan işleýän toplumlaryň üçüsi işe girizildi. Olaryň gurluşygyna Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýalary gatnaşdylar.

Umumy meýdany dört müň inedördül kilometrden hem köp bolan «Galkynyş» gaz käniniň ulanyş gorunda häzirki wagtda guýularyň 45-si bolup, olaryň her biri bir gije-gündizde ortaça iki million kub metre çenli tebigy gaz berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: