YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti «Lukoýlyň» ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Hazaryň nebit-gaz ýataklaryny taýýarlamak we senagat taýdan özleşdirmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbangul Berimuhamedow bilen «Lukoýlyň ýolbaşçysy Wagit Alekperowyň duşuşygynyň esasy temasy boldy, diýip «orient.tm» ýazýar.

Alekperow Prezidente Hazaryň türkmen tarapynda «Lukoýlyň» alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Işleri mundan beýläk hem ýaýbaňlandyrmak we Türkmenistanyň uglewodorod sektoryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Türkmenistanyň Prezidenti «Lukoýlyň» ýolbaşçysy bilen söhbetdeşlikde ýangyç-energetika toplumyny inwestirlemegi we infrastruktur ösdürmegi höweslendirmegi içine alýan energetiki syýasatyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: