Lebap welaýatynda iş saparynda wagty Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň kömegi bilen galla oragynyň barşy, hususan-da, «ClaAs» we «John Deere» kysymly kombaýnlaryň işi bilen tanyşdy.

Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy oba hojalygyny özgertmegiň esasy ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde pudagyň tehniki binýadyny meşhur daşary ýurt önüm öndürijileriniň — «Case», «New Holland», «John Deere», «CLAAS» kompaniýalarynyň, Minskiniň traktor zawodynyň we beýlekileriň iň täze we ýokary öndürijilikli döwrebap maşynlary hem-de enjamlary tutýar.

Iň kämil tehnikalary satyn almak bilen önümleriň öndürilýän möçberini durnukly artdyrmak, şol sanda meýdan işlerini amatly möhletlerde we ýokary hilli geçirmegiň hasabyna artdyrmak üçin ähli şertleri döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti ulanylýan tehnikalaryň daýhanlar üçin uly kömekdigini hem-de olaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýändigini belledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: