JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatyna iş saparynyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna guralan saparyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow, ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýän Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) wekilleri hem-de Lebap welaýatynyň häkimi gatnaşdylar.

Iş maslahatynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekip, maksatnamada esasy ugurlaryň kesgitlenendigini belledi. Olar toplumy senagatlaşdyrmakdan, ýagny täze nebitgaz känlerini tapmakdan we olary senagat taýdan özleşdirmekden ybaratdyr.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ilatynyň we täze ýaşaýyş toplumlarynyň artýandygyny nazara alyp, içerki sarp edijileri degişli önümler bilen doly üpjün etmek, şeýle hem nebitgaz senagatynyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak maksatnamanyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň dowamynda hut şu ugurlaryň ara alyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy we şu günki maslahata hormatly myhmanlaryň, ýagny ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşýandygyny, olaryň hem pikirleriniň diňleniljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oňyn energetika syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini belledi. Täze baý gorlary bolan känler açylyp ulanmaga berilýär, nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän kuwwatlyklar döredilýär, şol bir wagtyň özünde halkara ähmiýetli taslamalar amala aşyrylýar diýip belledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: