Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipelere belledi
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen ozal Lebap welaýat kazyýetiniň kazysy bolup işlän Gaýgysyz Kakabaýewiç Orazmyradow Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
Şeýle hem şu Perman bilen Aýna Jumageldiýewna Geldiýewa Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi. Döwlet Baştutany ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Öwezmyrat Ýaranowiç Ataýewi Kerki etrap kazyýetiniň adminstratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatdy.