Kärendeçi maşgala agzalary bilen umumy meýdany 20 gektar bolan ýerden bol bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirýär. Berdimyrat döwlet tarapyndan oba zähmetkeşlerine yzygiderli kömek-goldawlaryň berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, işlemek üçin döredilen oňyn şertler netijesinde öz kärende ýeriniň her gektaryndan 40 — 45 sentner hasyla garaşýandygyny uly guwanç bilen habar berdi. Şonuň ýaly-da, ol ata-babalarynyň hem ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanandyklary, onuň kakasynyň hem 1 gektar saýlama tohumly erik ekilen kärende ýeri bardygyny, hojalygynda iri we ownuk şahly mallary saklaýandygy barada aýtdy.
Milli Lider ekerançylykda daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, bu asylly işe ak ýürekden çemeleşmegiň her bir maşgalanyň rysgal-berekediniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepilidigini aýtdy. Ene topraga tutanýerli zähmetini we yhlasyny siňdirýän ynsanyň döwlet tapýandygyny, berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň binýadyny berkitmäge mynasyp goşant goşýandygyny nygtady.