Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň günorta-günbatar sebitinde bolup
geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna
hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-
de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa
tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi diýip, TDH habar berýär.
7-nji ýanwarda ýerli wagt bilen 9.05-de Tibet awtonom raýonynyň Şigadze okrugynyň Tingri uýezdiniň çäginde 6,8 magnitudaly ýertitreme bolup geçdi.
Ýertitremäniň ojagy on kilometr ýeriň aşagynda ýerleşdi. Ýertitremeden soň, ýerli
wagt bilen 8.00-da seýsmeologlar umumylykda 515 sany afterşoklary (esasy
titremeden soň bolup geçýän gaýtalanýan titremeler) hasaba aldylar.
Maglumatlara görä, 126 adam aradan çykdy, 188 adam şikes aldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýdaky heläkçilik üçin gynanç bildirdi

08
Jan