TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly atlary dakdy

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistany Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen hormatly atlar dakyldy. Olaryň arasynda «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Mary döwlet athanasynyň Lebap bölüminiň seýsi Asrar Jumakulyýewiç Ergeşow hem bar. Oňa «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Lebap welaýatyndan hususy itşynas Rahmet Ahmedkulowiç Ýuldaşewe «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy.
Bu baýramlar aprel aýynyň soňky ýekşenbe güni bellenilýär. Türkmen alabaýynyň baýramy bolsa bu ýyl ilkinji gezek bellenilýär.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply