SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan gününiň baýramçylygyna we ýokary derejeli sammite çagyryldy

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanyň Prezidentini Gurbanguly Berdimuhamedowy Hindistan gününiň baýramçylygyna we «Hindistan – Merkezi Aziýa» ýokary derejeli sammite çagyrdy, diýiň «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

Bu barada Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri milli Liderimiziň adyna iberen hatynda aýdylýar.

«Men Sizi tüýs ýürekden 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Nýu-Deli şäherinde geçiriljek Respublikanyň gününiň baýramçylygyna hormatly myhman hökmünde Hindistana çagyrmak isleýärin. Respublikanyň gününiň hormatyna geçiriljek dabaraly ýörişe gatnaşmak üçin Siziň Ýaragly Güýçleriňizden düzülen topary kabul etmek hem biziň üçin uly hormat bolar» — diýlip, hatda aýdylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: