JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Hasyl toýy mynasybetli Lebap welaýatynyň oba hojalyk işgärlerini «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlarynyň ençemesi Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy. Olaryň arasynda Lebap welaýatynyň oba hojalyk işgärleri hem bar:

Darganata etrabynyň Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Rozaý Nurullaýewna Adaýewa;

Dänew etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nargül Nargulyýewna Şamuradowa;

Dänew etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Rozaý Emirowna Aşirowa;

Çärjew etrabynyň «Ýasydepe» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Toýmurat Şamuradowiç Hemraýew;

Çärjew etrabynyň «Ýasydepe» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýgül Nepesowna Jumaýewa;

Farap etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Enejan Ergeşowna Owlýakulyýewa;

Saýat etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Maral Durdymuradowna Durdyýewa;

Saýat etrabynyň «Görelde» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Jemhur Amangeldiýewiç Jumakow;

Hojambaz etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Jeýhun Gurbanmyradowiç Perdýew;

Döwletli etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Begenç Kadyr ogly Kadyrow.

Resminamada olaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünlikleri we ýokary netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli medal sylaglanylýandygy barada aýdylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: