YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti göz öňünde tutulan möçberde pagta öndürmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow özüniň Karary bilen Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine ýerleriň kärendeçileriniň, peýdalanyjylarynyň we eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2023-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Resminamada gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä ýerleşdirmek, pagta öndürijileri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, amatly möhletlerde ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik möçberi bilen, ýerleri ekişe taýýarlamak, gowaça ekmek, oňa ideg etmek we pagta ýygmak bilen bagly tehniki hyzmatlar, suwaryş suwy we dökünleriň degişli möçberi bilen üpjün etmek tabşyryldy.

Şu ýyl Türkmenistan boýunça jemi 580 müň gektar meýdanda gowaça ekilip, şondan 1 million 250 müň tonna hasyl öndürmek meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: