TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti Farap etrabyna häkim belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 3-nji oktýabrda gol çeken Permany bilen, Serdar Baýramowiç Ýumitowy Farap etrabynyň häkimi wezipesine belledi.
Şol gün döwlet Baştutany ýörite Kararlar bilen etrap häkiminiň iki orunbasaryny hem wezipä belledi. Bu wezipelerde Atamurat Allanazarowiç Amanow bilen Aýnur Meretmamedowna Sazakowa işlär.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu etrap Türkmenistanyň Mejlisiniň 19-njy sentýabrdaky Karary bilen döredildi. Etraba Farap şäheri we Çärjew etrabynyň geňeşlikleriniň birnäçesi birikdirildi.