Türkmenistanyň Prezidenti EXPO – 2025-iň açylyş dabarasyna gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Osaka şäherinde geçiriljek “ESKPO-2025” Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin 13 – 15-nji aprelde Ýaponiýada resmi saparda bolar.
Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Ýaponiýanyň Imperatory we Premýer-ministri bilen duşuşyklary göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm waka hökmünde görülýän bu sapar dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmaga ýardam eder.
“ESKPO-2025” Bütindünýä sergisi 13-nji aprelden 13-nji oktýabra çenli Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “Durmuşymyzyň geljegi üçin jemgyýeti döretmek” şygary astynda geçer.