JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti etrap hassahanalarynyň çagalar bölümi üçin «Tiz kömek» awtoulaglarynyň açaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenabadyň köpugurly hassahanasynyň öňünde saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri bilen duşuşdy we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň her bir etrabynyň hassahanalarynyň çagalar bölümi üçin täze «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-syny bermek bilen bagly çözgüdi barada habar berdi, diýip, «Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi» ýazýar.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine täze ýörite ulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan «Tiz kömek» awtoulaglarynyň üpjünçiligi bilen tanyşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: