Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa + Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşdy.
Bu ýerde hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Hormatly Prezident Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýylyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belläp, ABŞ-nyň bu başlangyjy goldandygyny, Türkmenistanyň hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy
08
Nov
