TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti Çärjew etrabynyň zähmetkeşleri bilen duşuşdy

Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde gallaçy kärendeçiler we mehanizatorlar bilen duşuşdy.

Daýhan birleşiginiň çägindäki gallaly atyzlaryň biriniň gyrasynda döwlet Baştutanyny kärende ýeriniň eýesi Azat Joraýew garşylady. Kärendeçi bilen eden söhbetdeşliginde işleriň barşy, onuň hal-ýagdaýy, maşgalasy bilen gyzyklandy we kärendeçiniň haýyşy bilen oňa berkidilen meýdandaky galla oragyna başlamaga ak pata berdi.

Döwlet Baştutanyny bu ýerde kombaýnçylar bilen hem gürrüňdeşlik geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ak patasy bilen Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna 3-nji iýunda badalga berilipdi. Şu ýyl Lebap welaýatynda 130 müň gektar ýerden 310 müň tonnadan geçirip galla almak meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: