YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti bugdaýyň täze görnüşlerine at teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna toý sapary wagtynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri, alym B.Nowruzow bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilendigini habar berdi we döwlet Baştutanyna olara at goýmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Arkadagly Serdarymyz türkmen alymlarynyň ylmy taýdan esaslandyryp döreden tohumlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň miwesidigini bellemek bilen, bugdaýyň täze görnüşleriniň häzirki döwrüň ruhuny alamatlandyrýan «Berkarar» we «Galkynyş» diýlip atlandyrylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy, diýip, ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde habar berilýär.

Bugdaýyň täze, gylçykly we gylçyksyz görnüşleriniň hasyllylyk derejesi her gektardan 55 — 60 sentnere barabardyr. Olar 200 — 210 günüň dowamynda ýetişýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: