Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde çykyş etdi

Sep 23, 2021

22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisine gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligini resmi saýtynda habar berilýär. 

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Baştutany halkara bileleşiginiň global guramanyň – BMG-niň platformasyndaky özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.

Şu ýyl badalga berilen ynanyşmak we gepleşikler medeniýetiniň BMG-niň strategiki gün tertibiniň hemişelik düzümi bolmak bilen birlikde, dünýäniň esasy üns merkezinde saklanylmalydygy hem nygtaldy.  

Türkmenistanyň Prezidenti Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçirilen ähmiýetli halkara işleriniň netijelerini beýan etmek bilen, şu ýylyň başlangyjyny beýan eden döwlet hökmünde Türkmenistanyň üstümizdäki ýylyň dekabrynda Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygynyň we ösüşiň esasy» atly Halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýändigi bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Milletiň Lideri BMG-niň agza-döwletlerini we halkara guramalaryny bu çärä işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Şonuň ýaly-da, ylmy diplomatiýa ugry boýunça köptaraplaýyn özara hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidenti dünýä bileleşigini täze görnüşli howply ýokanja garşy göreşmäge hem-de onuň ýaýramagy bilen ýüze çykan durmuş-ykdysady netijeleriniň peseldilmegine gönükdirilen tagallalaryň has-da ýygjam utgaşdyrylmagyna çagyrdy. Bu ugurda adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ulag ulgamlarynyň dikeldilmeginiň hem-de pugtalandyrylmagynyň üstünde işjeň amallary durmuşa geçirmegiň derwaýyslygy bellenilip geçildi.

Owgan meseleleri babatynda durup geçmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti biziň ýurdumyzyň Owganystanyň syýasy taýdan durnuklylygyna we howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna we jebisligine aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Bu babatda Türkmenistanyň migrasiýa syýasaty bilen bagly bolan global meseleleriň çözgüdine saldamly goşant goşmaga taýýardygy beýan edildi.

«Biz BMG bilen hyzmatdaşlyk etmäge, onuň global howpsuzlygynyň emele gelen ýagdaýlarynyň saklanylmagy we pugtalandyrylmagy, pandemiýanyň netijelerini ýeňip geçmek, ykdysady, durmuş, ekologiýa, ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky meýilnamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi ugrundaky syýasy-diplomatik tagallalaryna işjeň gatnaşmaga hem-de ýardam etmäge berk ygrarlylydygymyzy beýan edýäris», – diýip Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.  

Adblock
detector