YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti bahalaryň ýokarlanmagyna ýol bermezligi tabşyrdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 4-nji noýabrda geçirilen mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bahalaryň ýokarlanmagyna ýol bermezligi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany gyş paslynyň golaýlaşmagy bilen baglylykda, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagyň, bahalaryň ýokarlanmagyna ýol bermezligiň möhümdigini belledi. Şonuň ýaly-da, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligini giňeltmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: