TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti Ärdogany Türkiýe Respublikasynyň güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Türkiýäniň doganlyk halkyna ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Türkiýäniň syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda gazanan üstünliklerini hem-de döwletlerimiziň arasynda emele gelen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellemek ýakymlydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen doganlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine has-da ösdüriljekdigine ynam bildirýändigini nygtady.