11-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Aziýanyň ösüş banky bilen ýurdumyzyň banklarynyň we hususy ulgamynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze, has netijeli görnüşleriniň ulanylmagyny goldaýandygyny belledi. Şunda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlary işjeňleşdirilmelidir. Ýangyç-energetika pudagynda özara hereketleri pugtalandyrmak hem möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti AÖB-niň ýolbaşçysyny kabul etdi
12
Nov
