TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-a saparyndan soň Aşgabada dolanyp geldi

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlanandan soňra, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Waşington şäheriniň «Andrews» Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutany Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky  hemişelik wekili Aksoltan Ataýewany doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezident A.Ataýewa türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan gül dessesini gowşuryp, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Birnäçe sagatdan döwlet Baştutanynyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidenti ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar.