TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň paýtagtynda «Daşkent» medeni dynç alyş seýilgähi gurulýar

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň Matymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Güneş» seýilgähiniň çäginde «Daşkent» medeni dynç alyş seýilgähi gurlar. Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan «Zehinli iş» hojalyk jemgyýeti bu gurluşygyň hem taslamaçysy, hem-de potratçysydyr. Bu barada «Türkmenistan Altyn asyr» saýty ýazýar. Ol ýerde takmynan 30 müň inedördül metr meýdanda pajarlap gök öwüsýän ösümlikli, ajaýyp gülzarlykly we arassa ýodaly landşaft bagy dörediler, şeýle hem özbek paýtagtynyň gözel ýerlerini ýada salýan ýigrimiden gowrak desga gurlar. «Daşkent» seýilgähiniň girelgesinde monumental «Ezgulik» (gowy we asylly islegler) derwezesi gurlar. Daşkentde şunuň ýaly arka bilen «Garaşsyzlyk» meýdanynyň girelgesi bezelipdir. Daşkentde Özbegistan bilen Türkmenistanyň dostlugynyň hatyrasyna açylan «Aşgabat» seýilgähiniň indi birnäçe ýyl bäri bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: