TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň paýtagtynda 1000 gowrak maşgala täze jaýlaryň açarlary gowşuryldy

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramynyň bellenilmeginiň öň ýanynda Aşgabatda dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň 1008 maşgalasy Aşgabadyň täze ýaşaýyş jaý toplumlarynda ähli amatlyklary bolan öýleriň açarlaryny aldylar. Munuň özi 5 müňden gowrak adama barabardyr. Bu barada Türkmenistanyň «Türkmenistan bu gün» döwlet habarlar agentligi ýazýar.
Açarlar Aşgabatda baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň açylan gününde gowşuryldy. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Barha gözelleşýän Aşgabadyň günbatar böleginde milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda belent ýaşaýyş jaýlaryny özünde jemleýän gözel künjek peýda boldy. Bu ýerde zerur ýol-ulag düzümi döredildi, aýlawly awtomobil çatrygynyň merkezini bolsa täsin “Türkmen alabaýy” ýadygärlik binasy bezeýär. Şeýle hem şäheriň bu böleginde iň häzirki zaman talaplaryna, dynç alyş we hyzmatlar ulgamynyň desgalaryna bildirilýän talaplara kybap gelýän “Gül zemin” söwda-dynç alyş merkezi bina edildi.
Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-sy hem-de 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy bina edildi, şolaryň hemmesi ähli ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan öýlerdir. Ýanaşyk ýerlerde ähli degişli düzümler göz öňünde tutulyp, umumy uzynlygy 5 kilometr 564 metre deň bolan täze ýollar çekildi, olar zerur tehniki serişdeler, ýerasty pyýada geçelgeler hem-de ýolagçy ulaglar üçin duralgalar bilen üpjün edildi.
Täze belent ýaşaýyş jaýlarynyň daşky bezeginiň aýratynlyklaryny hem bellemek gerek — olary köpöwüşginli mozaika pannolary bezeýär, şolaryň her biri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.

Täze 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynda amatly we abadan ýaşamak üçin ähli şertler döredilendir. Şolarda ähli amatlyklary, şol sanda giň myhman otaglaryny, amatly ýatylýan otaglary, häzirki zaman durmuş enjamlary bilen üpjün edilen aşhanalary, kömekçi jaýlary öz içine alýan amatlyklaryň doly toplumy göz öňünde tutulan üç, dört we bäş otagly öýler ýerleşdirildi. Şeýle hem zerur ähli durmuş üpjünçilik ulgamlary göz öňünde tutulandyr.
Ýeri gelende aýtsak, girelgeler, aşhanalar we ýaşaýyş otaglary her bir öýlerde goýlan dürli ölçegdäki iki smart-telewizorlar ýaly ýurdumyzda öndürilen mebeller bilen gurnalandyr. Ýurdumyz üçin täze bolan bu önümiň çykarylyşy döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňe sürlen elektron senagatyny döretmek we ösdürmek boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýola goýuldy. Bilelikdäki “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän “Tolkun”, “Zemin” we “Älem” smart-telewizorlary alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Bu önümler dünýä ölçeglerine kybap gelýär.
Jaýlaryň öýleriniň “akylly öý” ýörelgesi boýunça enjamlaşdyrylandygyny bellemek gerek. Bu ulgam belli bir gündelik işleri adam gatnaşmazdan, ýerine ýetirmäge ukyplydyr.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Medeniýet ministrligi, Energetika ministrligi, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, “Türkmen standartlary” baş döwlet gullugy, “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi, Türkmenistanyň Merkezi banky hem-de ýokarda bellenilişi ýaly, Aşgabat şäheriniň häkimligi, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi belent ýaşaýyş jaýlarynyň buýrujylary hökmünde çykyş etdiler.
Desgalaryň gurluşygyny ýurdumyzyň ugurdaş kompaniýalary amala aşyrdylar. Şolaryň hatarynda “Aşgabatgurluşyk” önümçilik birleşigi, “Weli gurluşyk”, “Nusaý ýollary”, “Rysgally zähmet”, “Çakmak daşy”, “Bereketli” hususy kärhanalary, “Altyn nesil”, “Ajaýyp bina” hojalyk jemgyýetleri bar.
Bu ýerde “Gül zemin” söwda-dynç alyş merkezi hem açyldy. Magtymguly şaýoly bilen Taslama köçesiniň çatrygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerini ýurdumyzyň “Altyn” hojalyk jemgyýetiniň işgärleri ýerine ýetirdi. 3,8 gektar meýdany bolan taslamada 43 müň 560 inedördül metr ýerde üç gatly bina guruldy. Onuň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy we gök zolaklar döredildi. Şeýle hem bu ýerde ýollar, ýanýodalar, kömekçi desgalar bina edildi.Bu ýerde 800 orunlyk we 400 orunlyk toý dabaralaryny geçirmek üçin iki zal, 200 orunlyk we 100 orunlyk restoranlar, 5 sany çaýhana bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply