Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasy daşary ýurt pasportlarynyň möhletini uzaldyp başlady

Sep 8, 2021

Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasynyň türkmen raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhletini uzaldyp başlandygy barada ilçihananyň resmi saýty habar berýär, diýip «turkmenportal» ýazýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda kabul eden № 2300 Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasynyň Konsullyk bölümi Türkmenistanyň raýatlarynyň 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2022-nji ýylyň 30-njy dekabryna çenli möhleti tamamlanýan Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportlarynyň hereket edýän möhletini uzaltmak işine girişdi. Daşary ýurt pasportlarynyň hereket edýän möhleti 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylar.

Daşary ýurt pasportlaryna QR-kod we 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylandygy barada bellik goýular.

Munuň üçin Türkmenistanyň raýatlary sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Ilçihanasynyň Konsullyk bölümine ýüz tutmaly.

Olaryň ýanynda:

  1. 1. Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň nusgasy boýunça arzasy;
  2. 2. Nusga boýunça anketasy;
  3. 3. Daşary ýurt pasportynyň birinji sahypasynyň nusgasy;
  4. 4. JPG formatda USB-fleşkada we kagyza çykarylan görnüşde 4,5×5,5 santimetr ölçegdäki bir sany suraty;
  5. 5. Daşary ýurt pasporty (özi)

bolmaly

Daşary ýurt pasportynyň hereket edýän möhleti mugt uzaldylar.

Türkmenistanyň Daşkentdäki Ilçihanasy Afrosiab şaýolunyň 19-njy jaýynda ýerleşýär.

Adblock
detector