JEMGYÝET

Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk kärhanasy «Oraza» hyzmatyny işe girizdi

 «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň müşderileri üçin «Oraza» hyzmaty işe girizildi, diýip. «Türkmenistan. Alty asyr» habar berýär.

Bu hyzmat mukaddes Oraza aýy mynasybetli müşderileriň hyzmatyna hödürlendi. Agyz beklenýän we açylýan wagtlary, tölegsiz USSD menýu üsti bilen «Oraza» hyzmatyndan peýdalanyp bolýar.

Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin, telefona aşakdaky kodlary girizmeli:

*0870*1#  — Ahal welaýaty we Aşgabat şäheri üçin

*0870*2# — Balkan welaýaty üçin

*0870*3# — Daşoguz welaýaty üçin

*0870*4# — Mary welaýaty üçin

*0870*5# — Lebap welaýaty üçin

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: