BILIM

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda ylmy-döredijilik bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça yglan edilen ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Milli bilim institutynda onlaýn usulda guralan bäsleşige Aşgabat şäheri hem-de welaýatlar boýunça ýeňiji bolan mekdep okuwçylary öz taýýarlan işleri bilen gatnaşdylar.

Bäsleşik üç tapgyrda geçirildi. Jemleýji tapgyra mekdep okuwçylary ylmy-gözleg, taslama, täzeçillik we oýlap tapyjylyk hem-de tehniki döredijilikde konstruktorçylyk, modelirleme we maket taýýarlamak boýunça başarnyklaryny açyp görkezýän, sanly tehnologiýalara esaslanýan işleriniň 60-dan gowragy bilen gatnaşdylar.

Bäsleşigiň ýeňijileri Bilim ministrliginiň we Milli bilim institutynyň diplomlarydyr ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: