BILIM

Türkmenistanyň okuwçylarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Bütindünýä saglyk gününe, şonuň ýaly-da Çagalary goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan çäreleriň çäginde ÝUNISEF Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda «Kim meniň gahrymanym?» atly çeper-döredijilik bäsleşigini yglan etdi, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Oňa maýyp çagalar üçin mekdep-internatlary içine almak bilen, ýurduň ähli mekdepleriniň okuwçylary gatnaşyp bilerler. Bäsleşigiň maksady mekdep okuwçylaryny çeper beýan etmeklige çekmekden, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wajypdygy baradaky maglumatlary öňe sürmekden we ýaýratmakdan ybaratdyr.

Ähli işler 2022-nji 30-njy apreline çenli kabul edilýär.

Ýeňijiler ÝUNISEF-niň Wekilhanasy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde degişli kriterilere laýyklykda malim ediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: