YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň obasenagat toplumyny on aýy ösüş bilen tamamlady

Üstümizdäki ýylyň on aýynda obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,8 göterim boldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 4-nji noýabrda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 104 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 102 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 105,4 göterime deň boldy. Maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 147,9 göterim ýerine ýetirildi.

Şonuň ýaly-da, gök önümleri öndürmegiň meýilnamasynyň 118 göterim, bakja önümlerini öndürmegiň meýilnamasynyň 110,1 göterim, çörek we çörek önümlerini öndürmegiň meýilnamasynyň 105,3 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: