JEMGYÝET

Türkmenistanyň obalarynyň birinde banan ösýär

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Rehimberdi obasynyň ýaşaýjysy Merdan Hudaýberdiýewiň melleginde banan ösýär.
Bu ekzotiki ösümlik Türkmenistanda tebigy şertlerde ýaýramadyk. Ýöne soňky ýyllarda ony öýlerinde ekýän adamlar tapylýar. «Ferhar» hojalyk jemgyýeti Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ony köp mukdarda ösdürýär we hasyl alýar. Merdan Hudaýberdiýew şu hojalykdan bananyň ösüntgisini alypdyr we öýündäki ýyladyşhanada oturdypdyr. Ol bu ösümligiň ilkinji hasylyny geçen ýyl alypdyr. Häzir onuň ýyladyşhanasynda bananyň dokuz düýbi ösýär. Olaryň biri şu ýyl hasyla durupdyr we onuň noýabr aýynda bişmegine garaşylar. Merdan bir düýpde 35 kilograma çenli önüm bolar diýip çaklaýar.
Oňa banan oturtmak üçin ýörite ýyladyşhana gurmak gerek bolmady. Onuň melleginde, takmynan, 3,5 sotok meýdany eýeläp duran ýyladyşhanasy bar. Ol bu ýerde pomidor we hyýar ýetişdirýär we gyşyň başyndan başlap, tä bahar aýynyň soňuna çenli gök önümleri obasyndaky dükanlara tabşyrýar.
Merdan 1998-nji ýyldan bäri «Pelwert» daýhan birleşiginden bir gektar ýeri kärendesine alyp, daýhançylyk bilen we ekin çalşygyna laýyklykda, pagta we bugdaý ýetişdirip gelýär. Her ýyl 37 sentnerden 45 sentnere çenli pagta, 50 sentnerden 60 sentnere çenli bugdaý ýetişdirip, kabul ediş harmanhanasyna tabşyryp gelýär. Bu baglaşylýan şertnamada görkezileninden köpdür

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply