YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynda maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy iki essä ýakyn ýerine ýetirildi

Türkmenistany oba hojalyk toplumynyň ähli pudaklaýyn düzümlerde maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 185,7 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Oba hojalyk toplumynda önüm öndürmegiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,3 göterime deň boldy. Şol sanda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 109,8 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,2 göterime hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 103,7 göterime barabar boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: