Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Hökümetiň 15-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” atly halkara maslahaty we sergini geçirmäge görülýän taýýarlyklar barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sergä 70-den gowrak daşary ýurt kompaniýasy, 30-a golaý ýerli kärhana we hususy telekeçi gatnaşar.
Maslahatyň çäklerinde energiýa geçişi, innowasiýa we eksport ugurlarynyň giňeldilmegi bilen bagly plenar mejlisleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň her ýyl geçirilýän bu halkara forumynyň ýangyç-energetika pudagynyň ösüşine uly itergi berýändigini belläp, wise-premýere forumy ýokary derejede guramak tabşyrygyny berdi.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara maslahaty ýokary derejede geçer
18
Oct
