YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän pudagy kämilleşdiriler

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň mümkinçilikleri içgin öwreniler, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlary, häzirki wagtda dünýä bazaryndaky islegleri nazara almak bilen, öndürilýän nebit önümleriniň görnüşleri kesgitlener, diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär. 

Hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda nebiti gaýtadan işlemegiň görkezijisini 90 göterimden hem artdyrmaga mümkinçilik berýän täze tehnologik desgalary gurmak meýilleşdirilýär. Dizel fraksiýalaryny we benzinleri gidroarassalaýjy, wodorod öndürýän blokly katalitik kreking we kokslamak enjamlarynyň toplumy, nebiti gaýtadan işlemekden galan agyr galyndylary katalitik kreking usuly boýunça işleýän enjam, ýokary hilli binýatlaýyn tehniki ýaglary öndürýän enjam şol desgalaryň hataryndadyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: