JEMGYÝET

Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti surat bäsleşigini yglan etdi

Türkmenistanyň Milli Gyzlyl Ýarymaý jemgyýeti we «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilelikde 22-nji martda bellenilýän suw gorlarynyň Bütindünýä gününe bagyşlanan surat bäsleşigini yglan etdiler.

Bäsleşige stoluň üstünde goýulýan senenama, reňklenýän kitaplar we kitabyň arasynda goýulýan bellik üçin suratlar kabul edilýär. Oňa 7 ýaşdan 22 ýaşa çenli bolan adamlar gatnaşyp bilerler. Bäsleşik üçin niýetlenen işler şu güni hem içine almak bilen 26-njy marta çenli kabul ediler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça stoluň üstünde goýulýan senenama üçin 12 surat, reňklenýän kitap üçin 24 surat we kitabyň arasyna goýulýan bellik üçin 3 surat saýlanylyp alnar. Ýeňijilere baýraklar, maglumat edebiýaty gowşurylar, olara öwrediji çärelere gatnaşmaga hukuk, şonuň ýaly-da, meýletinçi bolmaga mümkinçilik alarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: