TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi

Şu gün Lebap welaýat kitaphanasynda welaýat halk maslahatynyň nobatdaky mejlisi boldy. Onda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalaryny saýlamak meselesine seredildi we saýlawlar geçirildi.


Netijede başyny mundan bir ýarym ýyl töweregi ozal ozal alyp gaýdýan Türkmenistanyň kanun çykaryjylyk ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň aýgytlaýjy tapgyryna gadam basyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň sentýabrynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna iki palatadan ybarat bolan kanun çykaryjylyk edarasyny döretmek bilen baglanyşykly üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada başlangyç bilen çykyş edipdi. Bu teklip biragyzdan goldanylypdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2020-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen mejlisine gatnaşyjylar tarapyndan makullanylandan soň Türkmenistanyň Mejlisi «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyny kabul etdi. Netijede iki palatadan — Türkmenistanyň Mejlisinden we Halk Maslahatyndan ybarat kanun çykaryjylyk ulgama geçirilmeginiň kanunçylyk binýady goýuldy.


Saýlawlara taýýarlyk döwründe kanun çykaryjy edaranyň ýokary palatasynda Lebap welaýatyndan wekilçilik etjek sekiz agzany saýlamak üçin Türkmenabat şäher we etrap halk maslahatlary tarapyndan on sekiz dalaşgär hödür edildi. Bu bir orna iki dalaşgärden köpdür. Olar bellenilen möhletlerde welaýat halk maslahatynyň agzalary bilen duşuşdylar we özleriniň maksatnamalary bilen tanyşdyrdylar.


Welaýat halk maslahatynyň şu günki maslahatynda degişli işler geçirilenden soň ses bermäge girişdiler. Welaýat halk maslahatynyň agzalary kabinalara girip, kime ses bermelidigini anyklanlaryndan soň býulletenleri saýlaw gutularyna okladylar. Biraz wagtdan soň ses sanaýjy topar işini tamamlap, saýlawlaryň netijesini yglan etdi we ol welaýat halk maslahaty tarapyndan tassyklanyldy.


Bu gezekki gyzyklanma bildirýän islendik adam saýlawlaryň gidişine hakyky wagtda syn etmäge mümkinçilik aldy. Ses bermekligiň gidişi saylav.gov.tm internet saýtynda onlaýn arkaly göni ýaýlymda görkezildi. Bu barada ilat ozalyndan habar edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply