Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Türkmenistanyň Merkezi banky ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli altyn we kümüş şaýy pullaryny çykardy

Sep 26, 2021

Türkmenistanyň Merkezi banky ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli her biriniň gymmaty 100 manada deň bolan ýadygärlik altyn we kümüş şaýy pullaryny çykardy, diýip «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Singapur Respublikasynyň «Eng Leong Medallic Industries Pte Ltd» kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylan täze şaýy pullar Türkmenistanda döredilýän özboluşly ýylýazgynyň gymmatlyklarynyň üstüni ýetirer.

Şaýy pullaryň ikisiniň hem ýüz tarapynda Ýer şaryndan we onuň aşagynda ganatlaryny ýaýyp duran laçynyň şekilinden ybarat bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň nyşany ýerleşdirildi.

Ýer şarynyň merkezinde döwletimiziň parlap duran Döwlet tugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagy şekillendirilip, olaryň arasynda derek agajynyň şekili, Ýer şarynyň ýokarky böleginde bolsa ýaşyl reňk bilen syrçalanan Türkmenistanyň kartasy ýerleşdirildi.

Şaýy pullaryň ýüz tarapynyň ýokarky böleginde aýlaw bilen «TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY» diýlen ýazgy, aşaky böleginde iki sany zeýtun baldaklary ýazgy bilen, zeýtun baldaklarynyň arasynda kiçijik sekizburçly nagyşlar ýerleşdirildi.

Şaýy pullaryň ikisiniň hem arka tarapynyň merkezi böleginde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy ýerleşdirildi, onuň daşyndan puluň ýokarky böleginde aýlaw bilen «TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY» diýlen ýazgy, aşaky böleginde şaýy puluň gymmatyny görkezýän «ÝÜZ MANAT» diýlen ýazgy şekillendirildi. Ýazgynyň çep tarapynda şaýy puluň mähegi (altyn pulda Au 916,7, kümüş pulda Ag 925), sag tarapynda — agramy (altyn pulda 39,94 gr, kümüş pulda 28,28 gr) görkezildi. Ýazgylar öz aralarynda sekizburçly ýyldyz görnüşindäki şekiller bilen bölünendir.

Şaýy pullaryň diametri 38,61 mm. bolup, olara goşulýan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň güwänamasy şaýy pullaryň «pruf» hilini kepillendirýär.

Adblock
detector