JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň sany mälim boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 125-si, hususan-da, Aşgabat şäherinde 17-si, Ahal welaýatynda 16-sy, Balkan welaýatynda 10-sy, Daşoguz welaýatynda 27-si, Lebap welaýatynda 26-sy, Mary welaýatynda 29-sy döredildi.

Olar Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen karar bilen döredildi. Onda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek baradaky meselelere seredildi.

Şeýlelikde, 125 okrugdan ybarat saýlaw topary hem-de etraplardaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň 572 sany saýlaw topary döredildi. Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 240-sy welaýatlaryň her birinde, Aşgabat şäherinde bolsa 40-sy döredildi. Etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça etraplaryň we şäherleriň hersinde degişli saýlaw okruglarynyň 20-si — jemi 980-si: Ahal welaýatynda 160, Balkan welaýatynda 180, Daşoguz welaýatynda 160, Lebap welaýatynda 180, Mary welaýatynda 220, Aşgabat şäherinde 80 okrug döredildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: